Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda eýranly inženerler zamun alyndy


Duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň 12 sany inženeriniň Owganystanyň günbatar raýonynda ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnandygyny habar berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast eýranly bu inženerleriň Owganystanyň Farah welaýatynda bir gurluşyk kompaniýasynda işleýän inženerlerdiklerini aýtdy.

Şeýle hem, ol häzirki wagt Eýranyň Kabuldaky ilçihanasynyň ýurduň häkimiýetleri bilen bilelikde bu wakany öwrenýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG