Sepleriň elýeterliligi

Täjik futbolçysy sakgaly sebäpli oýna goýberilmedi


Täjigistanda futbol oýunçysy sakgaly sebäpli ýurduň polisiýasy tarapyndan oýna çykarylmady.

Haýr Wahdat futbol komandasynyň tälimçisi Tohir Muminowyň aýtmagyna görä, polisiýa bilen dörän meseleler sebäpli, futbolçy Parwiz Tursunow oýunlara goýberilmändir.

Emma Täjigistanyň Içeri işler ministrligi sakgally futbol oýunçylarynyň ýaryşlara gatnaşmak gadagançylygy boýunça hiç hili görkezmäniň berilmändigini nygtaýar. Ministrligiň aýtmagyna görä, raýatlary gorkuzmak işlerini alyp barýan polisiýa işgärerine çäre görler.

Dini kadalary berk berjaý edýän futbolçy Tursunowyň özüniň aýtmagyna görä, ol sakgalyny syranyndan, futboldan gidenini gowy görýär.

Täjik resmileri ýurtda yslam ekstremizminiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak boýunça berk çäreleri görüp gelýärler.
XS
SM
MD
LG