Sepleriň elýeterliligi

BMG: Liwiýa azyk harytlary daşalyp başlandy


Birleşen Milletler Guramasynyň azyk edarasynyň aýtmagyna görä, täze gumanitar koridorynyň üsti bilen Liwiýa azyk harytlary daşalyp başlanypdyr.

Bütindünýä Azyk Programmasynyň berýän maglumatyna görä, täze koridoryň üsti bilen her aýda 50,000 adamy doýurmak üçin, azyk harytlary geçirilip bilner. Düýn azyk harytly uly ýük maşynlary Tunisden Liwiýa ugrady.

Azyk harytlar Liwiýanyň ençeme şäherlerine, şol sanda paýtagt Tripolä-de, Liwiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti tarapyndan paýlanar.

Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä, Liwiýa hökümeti özüniň gözegçiligindäki sebitlere gumanitar işgärleriň barmagyna rugsat beripdir.
XS
SM
MD
LG