Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede kürt ýaşaýjylary protest geçirýärler


Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde ýaşaýan köplükdäki kürt ýaşaýjylary protest geçirýärler.

Bu protestler ýurduň saýlaw komissiýasynyň kürt partiýasy tarapyndan goldanylýan garaşsyz kandidatlaryň iýun aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmagyna girizen gadagançylygyndan soň döredi.

Kürtleriň Parahatçylyk we Demokratik partiýasy bu gadaganlyk sebäpli saýlawlardan çekiljekdigini duýdurdy.

Saýlaw resmileriniň aýtmagyna görä, şol kandidatlar Kürtleriň Işçi Partiýasynyň, ýagny PKK-niň separatistleri bilen geçmişdäki ilteşikleri üçin saýlawlardan çetleşdirilipdir.

Berilýän maglumata görä, Diýarbekir we Wan şäherlerinde protestçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyklar döräpdir.
XS
SM
MD
LG