Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýadaky saýlawlarda Gudlak Jonatan ýeňiji


Nigeriýanyň prezidenti Gudlak Jonatan ýurtdaky geçirlen prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi hökmünde yglan edileninden soň, ýurduň demirgazygynda dörän tolkunşyklar sebäpli, ýurdy agzybirlige we milli birlige çagyrdy.

Saýlaw resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň hristiýan günortasyndaky sebitinden bolan Jonatan sesleriň 57% alyp, öz garşydaşy musulman, öňki harby ýolbaşçy Muhammadu Buhariden üstün çykypdyr.

Halkara gözegçileri bu saýlawlary, umuman, ynamly diýip häsiýetlendirdiler. Buhariniň tarapdarlary saýlawlarda bidüzgünçilikleriň bolandygyny öňe sürýärler.

Duşenbe güni ses berişligiň netijeleriniň yglan edilmeginiň yz ýany, aglba köplügi musulman bolan, ýurduň demirgazyk sebitlerinde tolgunşyklar döredi.

Berilýän maglumata görä, köçä çykan adamlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar hem bolupdyr. Heläkçilikler barada entek habar gowuşmady.
XS
SM
MD
LG