Sepleriň elýeterliligi

Ýapon reaktorlaryndan radiasiýaly suw çykarylýar


Ýaponiýada ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýeten “Fukuşimo-Daiçi” atom stansiýasyndaky reaktorlardan ýokary derejeli radiasiýaly suw çykarylyp başlandy.

Stansiýanyň düýbine ýygnan 25 müň tonna radiasiýaly suwuň aýrylmagy, işçilere reakora baryp, ol ýerdäki sowadyş sistemasyny dikeltmäge mümkinçilik böreder.

Mundan öň Tokio elektrik energiýasy kärhanasy atom elektrik stansiýasyny durnuklaşdyrmak boýunça dokuz aýlyk plany teklip edipdi.
XS
SM
MD
LG