Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Liwiýa harby ofiserlerini ugratjagyny aýdýar


Liwiýadaky gozgalaňçylaryň Muammar Kaddafiniň goşunlaryna garşy alyp barýan söweşleriniň gurnalyşyna ýardam bermek üçin, Britaniýa bu sebite öz harby ofiserlerini ugradar.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hagyň aýtmagyna görä, iberilýän adamlar gozgalaňçylary ýaraglandyrmaga ýa-da türgenleşdirmäge, şeýle-de hiç hili harby operasiýalara gatnaşmazlar.

Hagyň aýtmagyna görä, Britaniýa gozgalaňçylara asuda ýaşaýjylary goramak üçin diňe harby bolmadyk kömegini berer.
XS
SM
MD
LG