Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl üçin 550 million ýewro wada edildi


 1986-njy ýylyň aprel aýynda Çernobylda 4-nji reaktorda bolan partalama we ýangyn agyr betbagtçylyga getirdi.
1986-njy ýylyň aprel aýynda Çernobylda 4-nji reaktorda bolan partalama we ýangyn agyr betbagtçylyga getirdi.
Şu gün Kiýewde geçen konferensiýada dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri Çernobylda bolan dünýäniň iň ýaramaz ýadro hadysasynyň galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin Ukraina takmynan 550 million ýewro (780 million dollar) kömek bermegi wada etdiler.

Dargan reaktoryň üstüni beton bilen örtmek we radioaktiw galyndylary daşky gurşawa zyýan bermez ýaly edip saklamaga gerekli desgalary gurmak üçin 740 million ýewro zerur diýip, çak edilipdi. Ýöne wada edilen 550 million boldy.

Kiýewde geçen konferensiýada Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç çykyş edýär, 19-njy aprel.
Muňa garamazdan, maslahata gatnaşanlaryň käbiri ýagdaýa oňat baha berdiler. Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Ýewropa Bileleşiginiň jemi 110 million ýewro berjekdigni, ediljek kömegiň mundan hem köp bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Barosso: “Men şeýle hem Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň bu gün entek yglan edilmedik gatanjy hem-de Ýewropanyň täzeden dikeldiş we ösüş bankynyň goşmaça gatanjy bilen – muny onuň etmäge taýýardygyny bilýärin – bu maslahatda göz öňünde tutulan bu ýokary maksady amala aşyryp bileris diýip, umyt edýärin” diýdi.

Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç hem özüniň bu 550 million ýewro “deslapky san” diýip garaýandygyny aýtdy.

“Çernobyl agyr ýara galdyrdy” diýip, Ýanukowiç Ukrainany bu problema bilen ýeke goýmanlygy üçin halkara arkalaşygyna minnetdarlyk bildirdi: “Atom elektrostansiýasy Çernobyl öten asyryň aýagynda ýapyldy. Ýöne biz henize çenli Çernobyl sahypasyny ýapyp bilmän gelýäris. Biz bu işi bu gün güýç birikdirip edip bilýäris. Geljekki nesillere howpsuzrak dünýäni galdyryp bileris”.

“Başga ýol ýok”

Irlandiýa, Ispaniýa, Meksika we Ýaponiýa ýaly häzir maliýe krizisiniň gysajynda duran ýurtlar pul kömegini wada edip bilmediler. Ýöne bu proýekti goldaýanlar halkara arkalaşygynyň mundan başga ýolunyň ýokdugyny aýdýarlar.

Geçen çärýek asyrlyk döwürde Çernobyly zyýansyz saklamak üçin onlarça milliard dollar çykdajy eden Ukraina hem bu proýekte 29 million ýewro berjekdigini aýtdy.

Ýaponiýa häzir Fukuşimada bolan ýadro hadysasyny kontrollyk astyna almak üçin tagalla baryny edýär. Fukuşima Çernobyldan soň bolan iň ýaramaz ýadro betbagtçylygy. Muňa sebäp bolan zat, ýaňy mart aýynda ýer yranyp, äpet sunaminiň gelmegi boldy.

Barroso halkara jemgyýetçiligini Ukraina kömek etmäge çagyrdy: “Biz yza gidip, bolan zadyň öňüni alyp bilmeýäris. Mundan adamlara ýeten zyýany-da yzyna dolap bilemzok. Ýöne Çernobylda hemişelik galan zatlaryň region we biziň ählimiz üçin howpsuz töwerek bolmagyny welin, üpjün edip bilýäris”.

1986-njy ýylyň aprel aýynda Çernobylda 4-nji reaktorda bolan partalama we ýangyn agyr betbagtçylyga getirdi. Şu günki maslahat hem bu wakanyň bir hepdeläp bellenjek 25 ýyllygynyň başlangyjy.

Çernobylda bolan ýadro betbagtçylygynda radioaktiw duman Belarus, Orsýet we beýleki regionlara ýaýrap, onlarça adam öldi. Müňleçe adam hem soňra radiasiýa bilen ilteşikli kesellerden gitdi. Heläklenenleriň anyk sany henizem jedelli.
XS
SM
MD
LG