Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan nirä barýar?


Ýakynda Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew saýlawçylaryň sesleriniň 95% töweregini alyp, ýene bir gezek häkimiýet başyna geçdi.

Ýakynda Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew saýlawçylaryň sesleriniň 95% töweregini alyp, ýene bir gezek häkimiýet başyna geçdi.

Ýurduň territoriýasynyň giňligi, ykdysady güýji we ösüşi boýunça Gazagystan köp babatda Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda öňde.

2010-njy ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysy wezipesini berjaý eden Gazagystanda ýaňy-ýakynda prezidentlik saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlarda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew saýlawçylaryň sesleriniň 95% töweregini alyp, ýene bir gezek häkimiýet başyna geçdi. Garaşsyzlygyny alalay bäri Gazagystany Nazarbaýew dolandyryp gelýär.

Şol saýlawlardan soňra onuň ýene-de ençeme ýyl häkimiýet başynda galjakdygyny aýtsa bolar. Bu wakadan soňra, eýse ýaşy 70-den geçen Nazarbaýewiň ýurda ömürlik prezident bolmak niýeti barmyka diýlen sorag orta atyldy.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Gazagystanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Erlan Idrisow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nazarbaýew haçana çenli ýurdy dolandyrmak isleýär?

Erlan Idrisow: Bu soraga onuň özi jogap berdi. Birinjiden, Gazagystanyň ilaty onuň näçe wagtlap häkimiýetiň başynda galmagyny isleýän bolsa, Nazarbaýew şol möhletiň dowamynda bu wezipede galar. Ikinjiden, saglyk, psihiki hem-de ruhy ýagdaýy oňa bu wezipäni dowam etdirmäge ýol berse, ol häkimiýeti dolandyrmagy dowam etdirer. Bu sözleri onuň özi aýtdy.

Onuň sebäbi ol ýurdy söýýär, ol çyn watansöýerlerden biri. Ol ýurda yzyna gaýtaryp bolmajak özgerişlikleri getirmek isleýär. Bu onuň taryhy missiýasy we ol bu missiýasyny berjaý etmek isleýär.

Azatlyk Radiosy: Göz öňünde tutulýan bu möhleti aý ýa-da ýyl bilen kesgitlemek mümkinmi?

Erlan Idrisow: Ýok, ýok, men diňe oňa salgylandym, bu sözleri onuň özi aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada bolup geçýän wakalar Merkezi Aziýa-da öz täsirini ýetirermi diýen sorag boýunça kän gürrüň edilýär, bu protestleriň Gazagystana howp salmagyny alada edýärsiňizmi?

Erlan Idrisow:
Ýok, Ýakyn Gündogarda başlanan wakalara ykdysady ýagdaýlaryň sebäp bolanlygyny aýdýanlar bar. Käbirleri bolsa milli azlyklara hak-hukuklarynyň berilmezliginiň oňa sebäp bolanlygyny aýdýarlar. Muňa sebäp bolan zadyň – ýurdy dolandyrýan ýolbaşçylaryň uzak wagtlap häkimiýet başynda galmaklary diýen pikirem bar.

Olardan diňe biriniň şeýle wakalara sebäp bolanlygyny aýtmak kyn, sebäbi oňa esas bolan zatlar ençeme zatlary öz içine alýar. Meniň pikirimçe, Ýakyn Gündogarda köçelere çykanlar ýaşlar bolup, onuň sebäbi hem ýaşlaryň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemegine we ýurdy dolandyrmaklaryna ýol berilmezligidir. Protestçiler käbir ýurtlarda ykdysady nägileliklerini bildirdiler we käbir beýleki ýurtlarda bolsa olar syýasy we beýleki nägileliklerini orta atdylar.

Gazagystanyň bu meseleler boýunça alada etmegine esas ýok. Sebäbi Nazarbaýew we onuň kärdeşleri bu problemalara uzak möhletleýin syýasatyň möhüm bölegi hökmünde çemeleşýärler. Ilkibaşdan bäri Nazarbaýew ýaş nesle üns berdi. Ol ilkiji günden bäri ilatyň ykdysady taýdan ýagdaýynyň gowy bolmagyna ähmiýet berip gelýär. Garyplyk derejesiniň çäginden pesde ýaşaýan adamlaryň sany öň 45% bolan bolsa, biz ony aşa gysga möhletde 10% azaltdyk. Bu görlüp-eşidilmedik üstünlikdir.

Nazarbaýew ilkiji günden bäri jemgyýeti güýçlendirmäge üns berip gelýär. Häzirki döwürde Gazagystanda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň sany 20 müňden hem köp. Bu, elbetde, biziň ýagdaýymyzyň göwnümizdäki derejä ýetenligini aňlatmaýar. Emma, öň hem aýdyşym ýaly, pikir soralyşyklar geçirýän "Gallup" edarasynyň barlaglarynyň netijesine seretseňiz, arap ýurtlarynda, içerki önümiň möçberiniň artmagyna garamazdan, ilatyň ýagdaýdan kanagatlanyş derejesiniň pese gaçýanlygyny görersiňiz.

Gazagystanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Erlan Idrisow
Eger siz "Gallup" edarasynyň websahypasynda Gazagystan baradaky bölegine seretseňiz, ýurduň jemi içerki önüminiň möçberi bilen bir hatarda halkyň häzirki ýagdaýdan kanagatlanyş derejesiniň hem ýokarlanýanlygyna göz ýetirersiňiz.

Şol bir wagtyň özünde men size Halkara respublikan institutyň we "National Endowment for Democracy" atly edaranyň geçiren pikir soralyşyklaryna hem seretmegi teklip edýärin. Halkara respublikan institutyň pikir soralyşygynyň netijesine görä, ýurtda Nazarbaýewi goldaýanlaryň sany 90% bolup, pikir soralyşyga gatnaşan adamlardan 84%-i ýurduň barýan ugrundan hem özleriniň razydygyny mälim edýärler.

Şol pikir soralyşyklara gatnaşanlary dürli ýaş kategoriýalara bölüp seretseňiz, ýaşlaryň Nazarbaýewiň we onuň hökümetiniň alyp barýan syýasatyny berk goldaýanlygyna göz ýetirersiňizi. Netijede, men Ýakyn Gündogarda bolan wakalaryň Gazagystanda bolmagyna hiç hili esas ýok diýip, pikir edýärin.

Ýakyn Gündogarda bolan wakalary bir tarapa süýşüriň, goňşymyz Gyrgyzystanda hem iki gezek hökümet agdarylyşygy amala aşyryldy. Şol wakalaryň Gazagystana hem ýaýrajakdygy barada köp gürrüň edildi. Emma aýdylýanlar bolmady, sebäbi onuň bolmagyna Gazagystanda hiç hili esas ýokdy. Çünki halkyň köçelere çykmagyna sebäp bolýan ähli aladalaryna Gazagystanyň hökümeti çözgüt hödürleýär. Hökümet şol aladalary çözmek meselesine öz syýasatynyň bir bölegi hökmünde garaýar.

Biziň ykdysady, syýasy we daşary syýasatymyz şol esaslara görä düzülen. Başgaçarak sözler bilen aýdylanda, hökümet şol ugurlarda halkyň nägileligine esas bolar ýaly zatlara çögüt tapýar we ilatyň nägileliginiň öňüni alýar. Şonuň üçin ilat hökümeti berk goldaýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Idrisow, soňky ýyllaryň dowamynda "Kazak Geýt" diýlen bir waka ýüze çykdy. Şonda bir amerikan kompaniýasynyň wekiliniň Gazagystanda iş alyp barmak üçin ýurduň hökümet wekillerine para berenligi aýdylýar. Bu aýyplamalar sebäpli amerikan raýaty Giffen ABŞ-a dolananda, aeroportda tussag edilip, türmä basyldy. Emma soňra bu mesele hakda geçirilen sud diňlenişiginiň netijesinde ol ujypsyzja pul jezasyna höküm edilip, azatlyga goýberildi. Suduň bu karary hakda Gazagystanyň hökümeti hiç hili reaksiýa görkezmän gelýär, eýse bu barada siz näme aýdyp biljek?

Erlan Idrisow: Bu uzak hekaýat, birinjiden-ä, "Kazak Geýt" diýlen zat ýok. "Kazak Geýt" diýlen zady biz eşitmedik. Eger käbir günbatar žurnalistleri oňa bu ady bermek isleýän bolsalar, bu olaryň öz işi. Meniň-ä şol waka "US Geýt", ýagny "Amerikan Geýt" diýesim gelýär. Sebäbi bu ABŞ-nyň bir raýaty bilen bagly waka we amerikan raýaty bu mesele boýunça suda çekildi. Men şol wakany ýakyndan yzarlamadym, emma bu sud işi geçen ýyl ýapyldy. Şol adamyň günäsiniň ýokdugy ýüze çykdy. Meniň pikirimçe, ol salgyt gaçakçylygy boýunça kiçijik bir mesele-de günäli tapyldy. Oňa ujypsyzja jeza berildi we şunlukda şol iş ýapyldy. Häzirki döwürde onuň ýaly waka galmady.

"Kazak Geýt" diýilýän şol waka hakda gürrüň edilýän wagtynda hem men oňa o diýen ynanmaýardym. Käbirleri menden bu ugurda nähili reaksiýa bildirmelidigimizi soraýardy. Men bu wakanyň bize dahylynyň ýokdugyny aýdýardym. Men BBC telekanalynyň "Hard Talk" diýlen gepleşigine gatnaşanymda, şol programmany alyp baryjy Tim Sebastýan bu ugurda maňa sorag berip, gaharymy getirmäge synanyşdy.

Men "Kazak Geýt" diýlen zat hakda hiç haçan eşitmänldigimi we bu wakanyň "US Geýt" diýlip atlandyrylmalydygyny, sebäbi şol wakada Gazagystanyň hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdypdym.

Eger islendik biriniň bu ugurda şübhesi bar bolsa, ol ABŞ-nyň suduna ýüz tutmaly, sebäbi karar çykaran ABŞ-nyň sudy. Şol suduň karary agzalýan waka hakda erbet zatlar gözläp gelýän adamlaryň hem-de bu ugurda dowam edýän myş-myşlaryň hiç biriniň esasynyň ýokdugyny görkezdi.

Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň sudunyň çykaran kararyny sorag astyna aljak adam ýokdur.

Azatlyk Radiosy: Siz şol sud diňlenşiginiň netijesinden razymy?

Erlan Idrisow: Esasy mesele meniň onuň bilen razy bolup-bolmanlygymda däl, men diňe onuň netijesi hakda gürrüň etdim. Bu hakda ABŞ-da ýerleşýän bir sud karar çykardy we şol kararda agzalýan adamyň günäsiniň ýokdugy aýdyldy. Bu hem şol waka bilen bagly dowam edýän myş-myşlaryň ählisiniň esassyzdygyny görkezdi.

Azatlyk Radiosy: Giffeniň Gazagystanyň prezidentiniň maslahatçysy wezipesini berjaý edýärkä, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy bilen hem hyzmatdaşlyk edenligi we agzalýan gullugyň şol adam arkaly Gazagystana täsir ýetirmäge synanyşanlygy barada käbir pikirler bar. Eýse, siz bu hakda näme aýdyp biljek?

Erlan Idrisow:
Meniň bu soraga şeýle jogap beresim gelýär. Bularyň ählisi spekulýasiýalardan ybarat. Men sizi şol dawa we ABŞ-nyň sudunyň bu hakda çykaran kararyna göz gezdirmegiňizi teklip edýärin. Şol karar halk köpçüligine elýeterli, ony okap görüň. Şol kararda agzalýan adamyň salgyt gaçakçylygy boýunça ownuk kemçiliginiň bolanlygy ýüze çykaryldy.

Ondan beýleki gürrüňi edilýän zatlara men spekulýasiýa diýip, baha berýärin. Bu wakanyň halk köpçüliginiň ünsüni çekmegine sebäp bolan zat – käbir žurnalistleriň suwy bulandyryp, balyk tutjak bolmagydyr.

Ahyrsoňunda-da olar hiç zat tapyp bilmediler. Bu wakadan göwni galan adamlaryň köpüsi şol bulançak suwdan balyk gözläp, eline hiç zat düşmedik žurnalistleriň özleridir. Öň hem aýdyşym ýaly, bu mesele hakda ABŞ-nyň sudy karar çykardy. Şol karar agzalýan spekulýasiýalaryň hakykatdan juda uzakdadygyny görkezdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG