Sepleriň elýeterliligi

“Washington Post”: ABŞ Siriýanyň oppozisiýasyny maliýeleşdiripdir


Siriýaly protestçi Siriýanyň Omandaky ilçihanasynyň öňünde prezidentiň wezipesinden gitmegini talap edýär, 17-nji aprel 2011-nji ýyl.

Siriýaly protestçi Siriýanyň Omandaky ilçihanasynyň öňünde prezidentiň wezipesinden gitmegini talap edýär, 17-nji aprel 2011-nji ýyl.

Birleşen Ştatlaryň meşhur we abraýly gazetiniň ýazmagyna görä, Waşington Siriýanyň oppozisiýasyny gizlinlikde maliýeleşdiripdir.


“Washington Post” gazetinde ýazylmagyna görä, Amerikanyň Döwlet departamenti 2006-njy ýyldan bäri Siriýanyň oppozisiýasynyň işleri üçin 6 million dollar töweregi pul beripdir. Bu pullaryň aglabasy düýbi Londonda ýerleşýän “Barada TV” satellit telekanalyny ýöretmek üçin goýberilipdir.

“Barada TV” telekanaly 2009-njy ýylyň aprelinden başlap, gepleşikleri efire berip başlady. Häzir Siriýada ýüze çykan köpçülikleýin protestleri beýan etmek üçin telekanal özüniň işleriniň göwrümini giňeltdi.

“WikiLeaks” internet saýtynyň ýaýradan diplomatik ýazgylaryna salgylanyp, “Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, Siriýanyň oppozisiýasyna ilkinji maliýe kömegi Jorj Buşuň prezidentlik eden döwründe, has takygy 2005-nji ýylda, Waşington Damask bilen özara gatnaşyklary doňduransoň, edilipdir.

Prezident Barak Obamanyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gatnaşyklary gowulandyrandygyna garamzdan, bu döwürde-de Siriýanyň oppozisiýasyna pul kömeginiň berlendigi aýdylýar.

Gazetiň çap eden maglumatyna laýyklykda, häzirki döwürde Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň oppozision toparlaryna maliýe kömegini edip-etmeýänligi nämälim bolup galýar. Şeýle-de “Washington Post” gazeti syzan diplomatik ýazgylaryň takyklygy ýa-da “Barada TV” telekanalynyň maliýeleşdirilmegi barada Döwlet departamentiniň kommentariý bermekden saklanandygy aýdylýar.

“Geň galdyryjy däl”

Şweýsariýada ýaşaýan Siriýanyň oppozisiýa blogçysy Halyl Habaşyň aýtmagyna görä, bu berlen pullaryň häzirki gozgalaňlar bilen hiç hili ilteşigi ýok: “Birleşen Ştatlaryň belli topara, “Musulman doganlara” golaý “Barada TV” telekanalyna hemaýat berýändigi geň galdyryjy däl. 2006-njy ýyldan bäri 6 million töweregi dollar berildi, bu pullaryň aglabasy hem şol ilkinji ýylda berlipdi”.

Soňra Habaş şeýle diýýär: “6 million dollar Siriýadaky ýaly režimi agdarmak üçin ýeterlik möçberdäki pul däl. Şeýle-de olar belli bir topara hemaýat berdiler, bu topar hatda Siriýanyň içinde-de däl. Onuň ýurduň içine ýetirip biljek täsiri hem ýok. Biziň Siriýada şaýat bolýan protestlerimiz “Musulman doganlary” bilen ilteşiginiň ýokdugyny görkezýär”.

“Washington Post” gazetiniň çap eden bu maglumaty Siriýadaky täze çaknyşyklaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG