Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Türkmenistanda öz täze ilçisini belleýär


ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Robert Pattersonyň kandidaturasy 14-nji aprelde ABŞ-nyň Kongresiniň ýokarky öýi tarapyndan bir agyzdan makullandy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Robert Pattersonyň kandidaturasy 14-nji aprelde ABŞ-nyň Kongresiniň ýokarky öýi tarapyndan bir agyzdan makullandy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Robert Pattersonyň kandidaturasy tassyklandy. Bu karar 14-nji aprelde ABŞ-nyň Kongresiniň ýokarky öýi tarapyndan bir agyzdan makullandy.

Robert Pattersonyň kandidaturasynyň ABŞ-nyň Kongresiniň ýokarky öýi tarapyndan tassyklanmagy onuň ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegi üçin zerurdy. Bu wezipä Robert Pattersonyň kandidaturasyny ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hödürledi.

1985-nji ýyldan bäri diplomatik ugurdan işleýän we ors dilini bilýän Robert Patterson mundan ozal Orsýetde, Wengriýada, Ukrainada, Ermenistanda we Keniýada ABŞ-nyň ilçihanalarynda dürli wezipelerde işledi.

5-nji aprelde ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirilen diňlenişikde Robert Patterson Türkmenistanda ilçi bellenen ýagdaýynda türkmen tarapy bilen konsultasiýalarda adam hukuklarynyň dürli ugurlary, şol sanda adamlaryň tussag edilmegi, söz we hereket azatlygyna garşy dowam edýän çäklendirmeler barada pikir alyşmakçydygyny aýtdy.

Adam hukuklary

Robert Pattersonyň gatnaşmagynda geçirilen şol diňlenişiklerde Türkmenistanda käbir oňyn özgerişlikleriň bolmagyna garamazdan, adam hukuklary boýunça problemalaryň dowam edýänligi aýratyn nygtaldy.

Apreliň başynda türkmenistanly medisina işgärleriniň bir topary “Community Connection” atly alyş-çalyş programmasy boýunça ABŞ-a gitmekçi bolanda, Aşgabadyň halkara aeroportunyň pasport gözegçiliginde, sebäbi düşündirilmezden, yzyna gaýtarylypdy.

7 sany medisina işgäriniň Türkmenistandan çykarylmanlygyny Azatlyk Radiosyna ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda aýtdylar. Ilçihananyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň resmisi Bradleý T. McGuire soňky wakanyň ýurtlaryň arasyndaky alyş-çalyş programmasyna ters gelýänligini belledi. Onuň sözlerine görä, türkmen lukmanlarynyň ABŞ-a gitmegine degişli ýagdaý bilen baglanyşykly täzelik ýok.

Ilçihana ilçisiz galypdy

Amerikan resmileriniň sözlerine görä, ABŞ-nyň Türkmenistanda öz täze ilçisini bellemegi ýurduň öz bähbitlerini goramagy üçin zerur.

Mundan ozal ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesini Treýsi Ann Jeýkobson ýerine ýetirdi. Onuň Türkmenistandaky diplomatik işi 2007-nji ýylyň aprel aýynda tamamlandy. Şondan bäri Aşgbatdaky amerikan ilçihanasy ilçisiz galypdy.

2010-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyna ilçihananyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Eýlin Malloý ýolbaşçylyk edip geldi.
XS
SM
MD
LG