Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Saglyk ýoluna» gargynç siňýär


Gulgeldiýew: "Talybyň «Saglyk ýolundan» çala gyşarany üçin bilim ministrine käýinç, ýokary okuw mekdebiniň rektoryna käýinç, dekanlara käýinç, talyba bolsa okuw bilen hoşlaşmak garaşýar". (Surata düşüren Jean-Baptiste Jeangene Wilmer)
Gulgeldiýew: "Talybyň «Saglyk ýolundan» çala gyşarany üçin bilim ministrine käýinç, ýokary okuw mekdebiniň rektoryna käýinç, dekanlara käýinç, talyba bolsa okuw bilen hoşlaşmak garaşýar". (Surata düşüren Jean-Baptiste Jeangene Wilmer)
Birki günlükde Türkmen döwlet uniwersitetinde ýüz beren waka paýtagtyň ilatynyň ruhy dünýäsini sarsdyrdy. Uniwersitetiň dört sany talybynyň «Saglyk ýolundan» tiz geçmek maksady bilen, gysga ýoly saýlap alandyklary, şol hereketleri üçinem okuwlaryndan çykarylandyklary baradaky habar hatda doňýürek adamlaryň hem kalbyna täsir etdi.

Bu ýüz beren wakanyň şaýatlarynyň aýtmagyna görä, talyplar 8 kilometre uzap gidýän «Saglyk ýolunyň» ýarty bilini kesip geçmek isläpdirler we ýodadan çykyp, gysga ýola geçipdirler. Emma olaryň gysga ýoldan ýöräp baryşlaryna ýurduň prezidentiniň nazary kaklyşypdyr diýlip aýdylýar.

Ine, hut şu sebäp bilen hem olar Türkmen döwlet uniwersitetinden okuwdan çykaryldylar. Talyplar bilen bir hatarda uniwersitetiň dekanlarynyň ikisiniň hem wezipesinden çetleşdirilendigi barada aýdylýar.

Näme maksat bilen guruldyka?

Aslynda «Saglyk ýolunyň» hökümet tarapyndan başda näme pikir-niýet bilen gurlandygyny anyk bilýän adam ýok. Köp ýurtlarda döwlet baştutanynyň adyna belent dagyň üstünden gurlan ýoluň, köpriniň ýa-da derýalaryň üstünden çekilen köpriniň bardygy hakda, şeýle zadyň hökman Türkmenistanda-da bolmalydygy hakda ýaranjaň žurnalistler Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda aldygyna ýazýardylar.

Belki, şonuň netijesidir, belki-de, halky güýmemegiň bir serişdesi hökmünde, syýasy maksat göz öňüne tutulandyr, garaz, Türkmenistanyň paýtagtyndan gaty bir uzakda bolmadyk Köpetdagyň eteginde «Serdaryň saglyk ýoly» atly ýoluň gurlandygy, her hepdäniň dynç gününde, baýramçylyk günlerinde uzynlygy 8 kilometre uzap gidýän bu ýoly talyplaryň, býujet edaralarynda işleýänleriň hökman geçmelidigi hakda eýýäm ençeme ýyl bäri garaşly hem garaşsyz žurnalistler ýazyp gelýärler.

«Saglyk ýoly» diýilýän ýol özüniň döredilen gününden bäri halkda diňe nägilelik oýaryp gelýär. Diňe bir nägilelik däl, eýsem bu ýol sebäpli ençeme adamlaryň başyndan betbagtçylyk indi. Adamlaryň, aýal-gyzlaryň, çagaly gelinleriň «Saglyk ýoluny» geçmek üçin gije sagat 3-de iş jaýlaryna baryp uklaýandyklary, ep-esli çykdajy edip, sport eşigini satyn almalydygy hakda aýtmanymyzda-da, bu ýol sebäpli ençeme adamlaryň hut «Saglyk ýolunda» amanadyny tabşyrmaly bolandygy, birnäçe adamlaryň şol ýoly geçip, gan basyşy artyp, ysmaz keseline sataşandygy, şol kesel sebäpli hem aradan çykandygy hakda öň kän makalalar ýazyldy.

Bu betbagtçylyklaryň-da daşyndan «Saglyk ýoly» ençeme wezipeli adamlaryň wezipesinden aýrylmagyna, köp talyplaryň öz okaýan okuw jaýlary bilen hoşlaşmagyna sebäp bolan ýola öwrüldi.

Iki aýa golaý mundan öň Türkmenistanyň politehniki institutynyň dört sany talyby «Saglyk ýolundan» geçmejek bolup, gaçyp gaýdandyklary üçin okuwlaryndan kowlupdylar. Ine, ýaňy-ýakynda hem Türkmen döwlet uniwersitetiniň dört talyby «Saglyk ýoly» sebäpli okuwlaryndan kowuldylar.

Adamlaryň saglygy göz öňünde tutulmaýar

Talyp bolsun, işgär bolsun, adamlaryň hemmesiniň saglyk ýagdaýy deň bolanok. Bedenterbiýe sapagyna eýgermän çaşýan okuwçylar, talyplar bolýar. Uzaga çekýän ýygnaklara, dabaralara çydaman, çaşýan işgärler bolýar. Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde uzak wagtlyk goha çydaman, stadionda çaşýan mekdep direktorlary, mugallymlary az däl. Ýöne hökümet işgärleri «Saglyk ýoluna» münülmeli bolanda şu zatlary göz öňüne tutmaýarlar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetinden «Saglyk ýolunda» ýogalan mugallym ýürek keselli eken. Şol ýolda ysmaz bolup ýykylanlar gaty beýik gan basyşly eken. Çagasy kesilip alynýan gelinler, inçekesel bilen kesellänler hem işden kowulmajak bolsa, «Saglyk ýoluny» geçäýmeli.

Gidip barýan ýolundan gyşaran ýaş talyplara birinji sapar käýinç hem berip bolardy. Ýöne beýle adamkärçilik edilmeýär. Sebäbi «Saglyk ýolundan» geçmäge garşy bolýanlar hökümetiň syýasatyna garşy adamlar hasaplanýar.

Talybyň «Saglyk ýolundan» çala gyşarany üçin bilim ministrine käýinç, ýokary okuw mekdebiniň rektoryna käýinç, dekanlara käýinç, talyba bolsa okuw bilen hoşlaşmak garaşýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG