Sepleriň elýeterliligi

Azeri wekilleri Aşgabatda duşuşyklary geçirdiler


Sişenbe güni Azerbaýjanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň hem-de Eksportlary we inwestisiýany goldamak baradaky Fondunyň delegasiýasy Aşgabatda ýokary derejede birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, Azerbaýjanyň delegasiýa agzalary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginde türkmen resmileri bilen gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşiklerde taraplar, esasan, söwda-ykdysady we inwestisiýa pudaklarynda türkmen-azeri gatnaşyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmek meseleleri barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG