Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak raýatlary sahawat etmäge çagyryldy


Sişenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri ýakynda ýurduň günbatar regionynda ýüz beren sil heläkçiliginde ejir çekenlere ýardam bermek üçin Gazagystanyň raýatlaryny özleriniň bir günlük iş haklaryny haýyr-sahawat görnüşinde bermeklige çagyrdylar.

Düýn Gündogar Gazagystan oblastynyň Tarbaghataý raýonynyň resmileri bu maksatlar üçin ýerli ilatyň bir günlük iş haklaryny sadaka bermekleri netijesinde 5 million teňňe serişde toplanandygyny mälim etdiler.

Iki hepde mundan ozal Günbatar Gazagystan oblastynda başlanan güýçli ýagyn bu regionyň käbir ilatly punktlarynda sil heläkçilikleriniň ýüze çykmagyna getirdi. Bu sil heläkçiligi müňlerçe hususy ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirdi.
XS
SM
MD
LG