Sepleriň elýeterliligi

Raul Kastro Kubanyň kompartiýasynyň ýolbaşçysy


Sişenbe güni Kubanyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýynda ýurduň ozalky lideri Fidel Kastronyň inisi Raul Kastro resmi ýagdaýda Kubanyň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary wezipesine saýlandy.

Bu gezek Fidel Kastronyň özi soňky 46 ýylyň içinde ilkinji gezek bu partiýanyň ýolbaşçylyk düzümine girmedi.

Bu gurultaýda eden çykyşynda Raul Kastro Kubanyň ykdysady syýasatynda hususy eýeçilige ýol açýan käbir düýpli reformalaryň-da amala aşyryljakdygyny ilkinji gezek yglan etdi.

Düýn gurultaýyň maslahatyna häzirki wagt saglyk ýagdaýy ýaramaz diýlip hasaplanylýan 84 ýaşly Fidel Kastro hem gysga wagtlyk diňleýji hökmünde gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG