Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: ýapon maşynlarynda radiasiýa bar


Sişenbe güni Orsýetiň gümrük gullugynyň resmileri ýurduň uzak gündogaryndaky Nahodka port şäherinde Ýaponiýadan getirilen import maşynlaryň ýedisinde howply radiasiýanyň bardygynyň anyklanandygyny habar berdiler.

Nahodka şäheriniň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Ýuliýa Tislenko žurnalistlere beren interwýusynda bu maşynlarda ýüze çykarylan radiasiýanyň derejesiniň maksimal rugsat berilýän derejeden hem ýedi esse ýokarydygyny aýtdy.

Maglumata görä, häzirki wagt Ýaponiýadan getirilen bu ýeňil maşynlar we olary alyp gelýän ýük maşyny jemgyýetçilik üçin howpsuz ýagdaýda izolirlenipdir.

Ýakynda Orsýetiň Wladiwostok şäherinde-de Ýaponiýadan getirilen import maşynlaryň 49-synda ýokary derejede radiasiýanyň bardygy anyklanypdy.
XS
SM
MD
LG