Sepleriň elýeterliligi

Owgan aktýorlaryna “informasion teatr” öwredilýär


“Bond Street” teatry şu ýaz hem ençeme hepdeläp Owganystana aýlanmakçy.

“Bond Street” teatry şu ýaz hem ençeme hepdeläp Owganystana aýlanmakçy.

Nýu Ýork şäheri Owganystandan on müňlerçe kilometr uzakda bolsa-da, Manhattanda ýerleşýän bir kiçeňräk teatr kompaniýasy geçen 10 ýyllykda Owganystana ençeme gezek sapar etdi. Bu saparlardan maksat – medeni ara tapawutlary ýeňip geçip, uruşdan ýaňa tozan bu ýurda sungatyň lezzetini getirmek.

“Bond Street” teatry şu ýaz hem ençeme hepdeläp Owganystana aýlanyp, aýdym-sazyň, dramanyň we gurjak komediýalarynyň üsti bilen halka möhüm habarlary ýetirip bolýandygyny öwretmekçi. Olaryň edýän bu işine “informasion teatr” diýilýär.

“Bond Street” teatry Hyrat, Kabul, Jalalabad we Gandagar welaýatlaryndaky ýerli teatrlar bilen hyzmatdaşlyk edip, olara Hindistanda we Afrikanyň oba ýerlerinde ozal üstünlikli ulanan metodlaryny öwredýär.

Çeperçilik bölüminiň direktory Joanna Şerman: “Maksat owgan artistlerine öz jemgyýetlerini magaryf hyzmatlary bilen üpjün etmegi, aýratyn-da ilatynyň uly bölegi aýallardan we çagalardan durýan sowa etraplara maglumat ýetirmegi öwretmek” diýýär.

“Bu teatr kompaniýalary bilen işleşip, olaryň şular ýaly informasion teatr döretmek güýjüni emele getirmek üçin ýörite edilýän iş. Men aýratyn habarlary sowatsyzlyk derejesi ýokary etraplara ýetirmek maksady bilen dünýäniň hemme ýerlerinde şular ýaly teatrlardan peýdalanylýandygyny gördüm” diýip, Şerman aýdýar.

Mysal üçin, çagalary ysmaz edýän poliomielit keseline garşy waksina sançmak meselesini alyp göreliň. Bisowat ene-atalar munuň nähili peýdalydygyny bilenoklar. Sebäbi olar saglyk baradaky maglumatlary okap bilenoklar. Şol sebäpden çagalar waksinasyz galýarlar. Oba ýerlerine baranlarynda saglyk guramalarynyň işgärleriniň etmeli ilkinji işi adamlaryň gorkusyny aradan aýyrmak bolýar.

Bisowatlyk uly

“Owganystanyň, aýratyn-da garyp oba ýerlerinde maglumat elýeterli däl, ylaýta-da aýallaryň arasynda, sebäbi olar bisowat” diýip, Şerman aýdýar. “Bu bir daglyk region. Obalaryň arasynda gatnaşyk köp däl. Maglumatlar köp adamlar üçin elýeterli däl. Olaryň radiolarynyň bolmagy mümkin, bolmazlygy-da mümkin. Habarlary bazara baraňda, eşidip galýarsyň. Ylaýta-da aýtjak zatlaryňy aýallara ýetirmek gaty möhüm. Sebäbi olaryň daşaryk çykmak mümkinçiligi köp däl” diýip, Şerman sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol: “Halka maglumat ýetirmek üçin teatr netijeli bir ýol. Sebäbi ony hem görüp bolýar, hem eşidip bolýar. Ol şol bir wagtyň özünde-de bir güýmenje” diýýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumaty boýunça, Owganystanyň oba ýerlerinde bisowatlyk derejesi aýallaryň arasynda 90, erkekleriň arasynda hem 63 prosent.

Şerman öz çäreleriniň aýratyn-da çagalar üçin peýdalydygyny aýdýar. Sebäbi çagalaryň aglaba köplügi uruşda önüp-ösen. Olar dramany ýa sahnada ýerine ýetirilýän başga bir zady asla görmändirler. Olaryň teatra tomaşa edip otyrka başdan geçirýän duýgularynyň we tejribeleriniň özlerine ýeten psihologik şikeslerden gutulmaklaryna kömeginiň degmegi mümkin.

“Çagalar her bir zadyň çözgüdi zorluk diýlip hasaplanýan gurşawda önüp-ösen. Sen olara başga ýoluň-da bardygyny, zorlugyň hemme zadyň çözgüdi däldigini öwretmek isleýärsiň” diýip, Şerman sözüni jemleýär.
XS
SM
MD
LG