Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin daşarky täsirlere garşy durmalydygyny aýtdy


Şu gün Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin özüniň parlamenete ýyllyk ýüzlenmesinde ýurduň içerki işlerine daşardan edilýän täsirlere berk garşy durmalydygyny aýtdy.

"Eger-de häzirki dünýäde gowşak bolsaň, saňa haýsy ugur boýunça hereket etmelidigini, haýsy syýasaty ýöretmeldigini we özgerişlik üçin, haýsy ýoly saýlamalydygyny maslahat berjek biri hökman tapylar” diýip, Putin çykyşynda belledi.

Döwlet Dumasynyň aşaky palatasynda iki sagada golaý eden çykyşynda Wladimir Putin özüniň hökümetiniň gazanan üstünliklerine hem uly baha berdi.

Premýer-ministr Wladimir Putiniň Orsýetdäki 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna öz kandidaturasyny goýjakdygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG