Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rahmon: Täjigistanda rewolýusiýa ‘asla’ bolmaz


Arap ýurtlarynda ýüze çykan rewolýusiýalar Täjigistanda “asla” bolmaz diýip, prezident Emomali Rahmon ýaýdar.

Rahmon Täjigistanyň bäş ýyllap graždanlyk urşuny başdan geçirendigini, şeýle-de täjikleriň konfliktden ýadandyklaryny aýtdy.

Prezident Rahmonyň berýän maglumatyna görä, 1992-97-nji ýyllar aralygynda Täjigistandaky bolan graždanlyk urşunda 100,000 töweregi adam ölüpdir.

Rahmon ýurduň oppozisiýasyny we dini toparlary basyp ýatyrmak synanyşyklarynda tankytlanyp gelýär.
XS
SM
MD
LG