Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýadaky bidüzgünçiliklerde onlarça adam öldi


Nigeriýadaky prezidentlik saýlawlaryndan soň, ýurduň dermirgazygynda dörän bidüzgünçilikler sebäpli onlarça adamyň ölendigi we müňlerçe adamyň öýlerini terk edendigi habar berilýär.

Berilýän maglumata görä, hüjüm eden musulmanlar öýleri, keliseleri we polisiýa merkezlerini oda beripdirler.

Bu gahar-gazaba ýurtda şenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda musulman kandidaty Muhamadu Buhariniň hristiýan Gudlak Jonatdan ýeňilmegi sebäp boldy.

Saýlaw resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň günortasyndaky hristiýan sebitinden bolan Jonatan sesleriň 57% alyp, Muhammadu Buhariden üstün çykypdyr.

Halkara gözegçileri bu saýlawlary, umuman, ynamly diýip häsiýetlendirdiler. Emma Buhariniň tarapdarlary saýlawlarda bidüzgünçilikleriň bolandygyny öňe sürýärler.

Nigeriýanyň 150 million ilaty bolup, ýurduň demirgazygynda musulmanlar, günortasynda bolsa hristiýanlar ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG