Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanda öldi diýlen adam diri bolup çykdy


Geçen ýyl Gyrgyzystanda bolan gozgalaňda öldi diýlip çak edilen adamyň ogly kakasynyň ölümi sebäpli berlen kompensasiýa pullarynyň ählisini sowandygyny aýdýar.

2010-njy ýylyň aprelinde Bişkekdäki protestlerde öldi diýlip hasaba alnan Maralbek Maksymbekowyň sag-salamat Orsýetde ýaşaýandygy anyklanyldy.

Maralbekiň ogly Erlanbek kakasynyň bu waklarda ýogalany üçin hökümetden 20 müň dollara golaý kompensasiýa alandygyny we olaryň ählisini jaýlanyş merasymyna harçlandygyny aýdýar.

"Olar maňa bu puly berdiler. Biz Bişkekde kakam üçin aýat-töwür etjek adamlary tutduk. Bir ýyldan soňam men kakamyň diridigini anykladym. Siziň pikiriňizçe, näme, men bu pullary ýörite matlap bilen aldymmy ?” diýip, Erlanbek Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Erlanbek şu aýyň başynda öz kakasynyň ýanyna - Ýekatrenburga göçdi. Olaryň ikisi-de häzir Ýeketrenburgda maşyn ýuwulýan ýerde işleýärler.
XS
SM
MD
LG