Sepleriň elýeterliligi

“Hazar dialogy – 2011”: Moskwada ykdysady forum geçirildi


Lewşinanyň pikirine görä, Hazaryň statusynyň kesgitlenmänligine garamazdan, döwletleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmegine mümkinçilikler bar.

Lewşinanyň pikirine görä, Hazaryň statusynyň kesgitlenmänligine garamazdan, döwletleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmegine mümkinçilikler bar.

Orsýetiň paýtagty Moskwada “Hazar dialogy - 2011” atly halkara ykdysady forum geçirildi. “Hazar dialogynyň” maksady regional hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat.

Forumyň çäginde ýedi sany maslahat geçirildi. Maslahatlarda ykdysady we ösen tehnologiýalar, ekologiýa we informasion tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Guramaçylaryň sözlerine görä, Hazaryň Energiýa forumynyň nobatdaky dördünji duşuşygy şu sapar “Hazar dialogy -2011” atly halkara ykdysady forumyň düzümine girizildi.

Forumyň guramaçy ýolbaşçylarynyň biri, Orsýetiň söwda-senagat öýüniň Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky Işçi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Nina Lewşinanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, forumda esasan ylmy-tehniki ugurlara üns berlipdir.

“Bu sapar ylmy edaralaryň wekilleri aktiw gatnaşdylar, biznes wekilleriniň we telekeçileriň gatnaşmagy bolsa bizi aýratyn begendirdi. Sebäbi regional hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin bu işe şeýle hyzmatdaşlyga isleg bildirýän we Hazar regionynda eýýäm iş alyp barýan taraplaryň gatnaşmagy örän möhüm” diýip, Lewşina aýtdy.

Forumda Hazar regionyndaky hyzmatdaşlyk üçin ykdysady, energiýa, mineral-çig mal, gurluşyk, transport, infrastruktura we ekologiýa taýdan bar bolan mümkinçiliklere garaldy.

Regional proýektler

Lewşina Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň ýanyndaky ekspertler geňeşiniň hem agzasy. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligi köp taraplaýyn regional hyzmatdaşlygyň ösüşine böwet bolýan esasy kynçylyk.

Hyzmatdaşlyk esasan ikitaraplaýyn görnüşde amala aşyrylýar. Emma, Lewşinanyň pikirine görä, Hazaryň statusynyň kesgitlenmänligine garamazdan, döwletleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmegine mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda Orsýetiň okeanologiýa instituty Hazar regionyny köp taraplaýyn öwrenmek boýunça ylmy proýektini alyp barýar. Proýekt Hazar regionynyň howa giňişligini, deňziň suw we suwasty giňişliklerini öwrenmegi öz içine alýar.

Orsýetiň söwda-senagat öýüniň Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky Işçi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Lewşina bu proýkete Gazagystan bilen Azerbaýjanyň gatnaşýanlygyny aýtdy we Türkmenistan bilen Eýranyň hem goşulmagyna umyt baglady.

Lewşina şu ýyl Eýranyň regional hyzmatdaşlyga ünsi artdyranlygyny belledi. Ol Orsýetiň öz tekliplerini Türkmenistanyň dykgatyna hem ýetirip gelýänligini mälim etdi.

“Orsýetiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk potensialy entek doly ulanylanok. Ýurtlaryň gowy perspektiwalary bar” diýip, Lewşina belledi.

Moskwdaky foruma bu sapar türkmen wekilleri gatnaşmadylar.

“Hazar dialogy - 2011” atly halkara ykdysady forum Orsýetiň Daşary işler, Tebigy resurslar we ekologiýa ministrlikleriniň, şeýle-de Söwda senagat öýüniň we Ylymlar Akademiýasynyň goldamagynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG