Sepleriň elýeterliligi

“Saglyk ýolundaky” park zolagy


Seýilgähdäki emeli döredilen köljagaz 1-2 ýyl bäri gurap ýatyr.

Seýilgähdäki emeli döredilen köljagaz 1-2 ýyl bäri gurap ýatyr.

Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Giňdiwar dagynyň çür depesinden geçýän “Saglyk ýoly” diýlip atlandyrylýan ýodany bilmeýän aşgabatlylar az bolsa gerek. Häzir bu ýer resmi taýdan “Saglyk ýoly” diýlip atlandyrylýan-da bolsa, ilat arasynda Nyýazow döwründen galan “Serdar ýoly” ady hem ýörgünli.

Köpçülikleýin çäreleriň iň köp geçirilýän ýeri bolan bu ýoluň başynda “Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň seýilbagy” atly park zolagy ýerleşýär.

“Saglyk ýoluna” mejbury barýan aşgabatlylardan başga bu seýilgähe her gün agşamara öz islegi boýunça dynç almaga gelýänler hem kän. Olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ylaýta-da, tomus aýlarynda hepdäniň dynç günleri bu seýilgähä agşamlyk naharyny ýanlaryna alyp, gezelenç etmäge gelýän aşgabatlylaryň sany has-da köpelýär.

Aşgabadyň beýleki seýilgählerinden tapawutlylykda bu seýilgähde otuň üstünde oturmaga ýa-da ýöremäge rugsat berilýär. “Saglyk ýoluna” eltýän 20-nji we 21-nji belgili marşrut awtobuslary gije sagat 9-a çenli gatnaýar. Tomus aýlarynda bolsa gije sagat 11-de iň soňky awtobus bu seýilgähden şähere ugraýar.



Seýilgähe adamlar öýlän sagat 5-6-a gelip başlaýarlar. Şol wagt bu seýilgähdäki agaçlaryň kölegesinde ýer tapmak hem kyn. Seýilgähe dynç almaga barýanlar köplenç agşamlyk naharlaryny alyp barýarlar. Gazanly barýanlar hem bar. Elleri tortly doglan günini ýa-da maşgalalaryndaky beýleki bir belli seneleri belleýänlerem az däl. Garaz, her kim her hili dynç alýar.

Seýilgähde goýlan ullakan küýze şekilli skulpturalaryň grantlaryndan akýan suw özüniň süýjüligi we arassalygy bilen meşhur. Aýdylyşyna görä, bu suw çeşme suwy. Aşgabatda wodoprowoddan akdyrylýan agyz suwunyň hili erbet bolansoň, ýörite maşyn bilen gelip seýilgähiň bu çeşme suwuny plastik gaplara dolduryp alyp gaýdýanlaram az däldi. Emma, häzir bu grantlardan suw kadaly akanok.

Suwsasaň...

Adamlar seýilgähdäki söwda nokatlaryndan plastik gaplardaky gazly we gazsyz suwy satyn almaly bolýarlar. 1,5 litrlik plastik gapda satylýan gazly suwuň bahasy şäherde 1 manat bolsa bu seýilgähiň söwda nokatlarynda 2 manatdan satylýar. Şonuň üçin bu seýilgähe yzygiderli dynç almaga gelýänleriň köpüsi öz ýanlary bilen dürli göwrümdäki plastik gaplarda suw alyp barýarlar. Suwuň kesilýändiginden bihabar adamlar bolsa bahasy 2 esse gymmat satylýan suwy satyn almaly bolýarlar.

Seýilgähdäki emeli döredilen köljagaz 1-2 ýyl bäri gurap ýatyr. Öňler kölde balyklar, guşlar ýüzýärdi. Häzir kölden galan ýata suwda gurbagadan başga jandar ýok. Dynç alýanlaryň arasynda has-da meşhur bolan bu emeli kölüň kenarynda ýata suwuň ysy bark urýar. Seýilgähiň günortasyndaky baýyrdan akýan emeli şarlawuk hem indi akanok. Ondan biraz daşrakdaky beýleki şarlawuga bolsa adamlar goýberilenok. Seýilgähe her gün ýüzlerçe adamlaryň dynç almaga gelýändigine garamazdan, bu ýerde ýekeje hajathana bar. Onuň sanitar-gigiýenik ýagdaýy pes.

Bu seýilgäh Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşen. Her gün agşam sagat 7 töweregi Türkmenistanyň prezidentiniň ulag kerweni bu ýoldan geçip gidýär. Şonda dynç alýanlara hoşamaýlyk bilen garaýan jemgyýetçilik düzgünini berjaý etmeli polisiýa işgärleri aladalanyp başlaýarlar. Olaryň ýanyndaky rasiýalary janlanýar. Park zolagynyň ýola ýakyn ýerinde oturan adamlary öz ýerlerinden turzup, başga ýere geçmeklerini haýyş edýärler. Seýilgähiň girelgesinde awtobusa garaşyp duran adamlar seýilgähiň içine girmeli bolýarlar. Bu başagaýlyk 1-2 sagat dowam edýär. Prezidentiň ulag kerweni geçenden soň, seýilgäh ýene-de öňki kadaly durmuşyna girýär.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG