Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow saudly ministri kabul etdi


Carşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapara baran Saud Arabystanynyň nebit we mineral resurslary boýunça ministri Ali Bin Ibragim Al Naimi kabul etdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň özara hyzmatdaşlyklaryny, aýratynam, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen prezidenti bu duşuşykda ýurduň energiýa sektoryna häzirki zamanyň ýokary tehnologiýasyny ornaşdyrmak meselesinde Saud Arabystanyň tejribeleriniň örän peýdaly boljakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG