Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadaky atyşykda kino režissýory Heterington öldi


Çarşenbe güni asly britaniýaly, Oskar baýragyna hödürlenen fotosuratçy we kino režissýory Tim Heterington Liwiýanyň Misrata şäherinde hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň özara atyşygy wagtynda alan ýarasyndan öldi.

Bu atyşyklaryň barşynda ýene günbatarly üç sany fotosuratçynyň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

Britaniýada doglan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş alyp barýan kino režissýory Tim Heterington Owganystandaky amerikan esgerleriniň durmuşy barada surata düşürilen «Restrepo» atly belli dokumental filmiň hem režissýorlaryndan biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG