Sepleriň elýeterliligi

Klinton Siriýadaky gandöküşikli wakalary ýazgardy


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Siriýadaky gandöküşikli wakalary ýazgaryp çykyş etdi.

Ýörite metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda, ol aýratynam Siriýanyň Homs şäherinde protest çykyşlarynyň barşynda parahat ýaşaýjylaryň we hökümet işgärleriniň ölendigi barada alnan maglumatlara alada bildirýändigini aýtdy.

Siriýaly aktiwistler şu hepdäniň duşenbe gününden bäri ýurduň merkezi regionyndaky Homs şäherinde hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde demokratiýa tarapdar 20-den gowrak protestçiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Siriýanyň hökümetiniň şu hepde protestçileriň käbir talaplaryny ýerine ýetirip, eglişikli kararlary kabul edendigine-de garamazdan, ýurduň dürli şäherlerinde hökümete garşy protestler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG