Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda eýranly gurluşykçylar zamunlykdan boşadyldy


Owganystanyň polisiýasy şu hepde Owganystanda ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnan eýranly gurluşykçylaryň düýn zamunlykdan boşadylandygyny habar berdi.

Hususan-da, Owganystanyň Farah welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy general Saed Mohammad şu hepdäniň duşenbe güni zamun alnan 13 sany eýranly raýatyň we 2 sany ýerli raýatyň talyplar tarapyndan azatlyga goýberlendigini tassyklady.

Ol ýerli tire-taýpa ýaşulylarynyň talyplar bilen geçiren gepleşikleri netijesinde bu işiň mümkin bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG