Sepleriň elýeterliligi

Amerikan admiraly Pakistanyň razwedkasyny aýyplady


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň baş harby karargähiniň komanduýuşisi admiral Maýk Mullen Pakistanyň razwedka agentligini Owganystanda hereket edýän «Hakkany» atly güýçli bir söweşjeň topar bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlykda aýyplap çykyş etdi.

Admiral Mullen bu barada düýn Pakistana edýän saparynyň barşynda bu ýurduň «Geo TV» atly ýerli telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle hem, ol bu meseläni Pakistanyň harby güýçleriniň komanduýuşisi general Aşfak Perwez Kaýani bilen geçirjek duşuşygynda-da gozgajakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG