Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Çernobyl heläkçiliginiň bolan ýerine bardy


Çarşenbe güni Birleşen Milletler guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Ukrainadaky Çernobyl heläkçiliginiň 25 ýyllyk ýyl dönüminiň bosagasynda bu atom stansiýasynyň ýerleşýän ýerine sapar etdi.

Ban Ki-mun bilen bilelikde Halkara Atom agentliginiň başlygy Ýukiýa Amano we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç hem Çernobyl heläkçiliginiň bolan ýerine bardylar.

Geljek hepde, 26-njy aprelde Çernobyl atom stansiýasynda ýüz beren partlamanyň 25 ýyllygy bellenilip geçiler.

Bu wakanyň öňýany, şu hepdäniň sişenbe güni Kiýewde geçirilen halkara donor konferensiýasynda Çernobyl stansiýasynyň daşyna täze gorag berkitmesini gurmak üçin 550 million ýewro möçberinde donor fondy toplandy.
XS
SM
MD
LG