Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Memorial» topary Medwedewe açyk hat iberdi


Çarşenbe güni düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy «Memorial» topary Çeçenistandaky adam ogurlyklary hem-de gynamalar bilen baglanyşykly Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe açyk hat gönderdi.

Bu hatda aýratynam Çeçenistanyň ýerli polisiýa işgärleri tarapyndan adamlaryň alnyp gaçylyp, olaryň dogan-garyndaşlaryndan uly möçberlerde pul talap edilýändigi bilen baglanyşykly wakalaryň uly alada döredýändigi bellenipdir.

Şeýle hem, «Memorial» guramasynyň hatynda Çeçenistandaky kanunlaryň äsgerilmezligi we adamlaryň hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly meselede hiç hili oňyn özgerişlikleriň göze ilmeýändigi nygtalýar.
XS
SM
MD
LG