Sepleriň elýeterliligi

Bilim ýolundaky betbagtçylyklar


Gulgeldiýew: "Daşary ýurtlarda okap ýören türkmen talyplarynyň başyna düşýän betbagtçylarlar barada ýerli media hiç bir habar bermeýär".

Gulgeldiýew: "Daşary ýurtlarda okap ýören türkmen talyplarynyň başyna düşýän betbagtçylarlar barada ýerli media hiç bir habar bermeýär".

Ýaşlara bilim, iş bermek barada hökümet hernäçe agyz dolduryp öwünse-de, türkmen ýaşlaryna bilimli, işli bolmak görgi boldy. Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlardan iş tapmak umydy bilen uly kynçylyklara, betbagtçylyklara sataşýan bolsa, müňlerçesi ýokary bilim almak üçin jebir-jepalara duçar bolýarlar.

Gyrgyzystan respublikasyna okuwa giden ýaşlaryň okuwlary hut türkmen hökümeti tarapyndan orta bilinden üzüldi. Olaryň örän köpüsi iki, üç ýyl, ondan-da köp okan okuwlaryny mejbury taşlamaly boldular. Okuwlaryny taşlamadyklaryň üstüne hökümet maşgalanyň elektrik energiýasyny, gazyny kesmek, ene-atalary işden kowmak howpuny ýatladyp, haýbat atdy. Şeýlelikde Gyrgyzystan respublikasynda okuw okap ýören ýaşlar bilim almak nesibesinden aýryldylar. Olaryň köpüsi hatda Gyrgysyztandan dokumentlerini-de getirip bilmeýärler.

Dünýäniň başga künjüne okuwa gidýänleriň başyna-da her hili betbagtçylyklar düşýär. Türkiýe respublikasyna okuwa gidenleriň birnäçesiniň neşekeş bolup, okuwlaryny taşşlap gelenlerine az duşulmaýar. Ine, indem Belarus respublikasyna okuwa giden ýaşlar hakda-da gynançly faktlar eşidilýär.

11-nji aprelde Minskiniň metrosynda bolan bomba partlamasynda Türkmenistanyň raýatynyň agyr ýaralanandygy barada maglumat gelip gowuşdy. Şu ýylyň 16-njy ýanwarynda bolsa Belarus döwlet medisina uniwersitetiniň ikinji kursunda okap ýören 2-nji kurs türkmenistanly gyzyň umumy ýaşaýyş jaýynyň balkonyndan aşak gaçyp, aradan çykandygy barada belarus mediasy habar berdi.

Bulardan başga-da daşary ýurt internet neşirleriniň türkmenistandan baran talyplaryň huligançylyk hereketlere baş goşmagy bilen bagly habarlary wagtal-wagtal berip durmagy, dogrusy, lapyňy keç edýär.

Elbetde, daşary ýurtlarda okap ýören türkmen talyplarynyň başyna düşýän betbagtçylarlar barada ýerli media hiç bir habar bermeýär.

Gowy umyt bilen, ýokary bilim almak üçin ýola düşülen halaty şeýle betbagtçylyklara sataşmak örän gynançly. Okuw sebäpli çekilýän kynçylyklary agzamanyňda-da, perzendi okatmak üçin ene-atanyň näçe puly ýele sowrulýar.

Ýaşlar öz ojaklaryndan örüp, hossarlaryň arasynda bolmasa, öz ýurdunda ine-gana ýaşamasa, beýle zatlaryň boljagy görnüp dur. Perzentleriň işe, okuwa öz ojagyndan örüp gitmekleri üçin elbetde, ýurtdaky hökümetiň halk barasynda aladasy gerek.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG