Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýanyň prezidenti Jonatan halkyna ýüzlendi


Nigeriýanyň prezidenti Gudlak Jonatan şu gün ýurduň halkyna ýüzlenip, prezidentlik saýlawlaryndan soňky ýüz berýän wakalaryň 1967-nji ýylyň graždanlyk urşunyň öň ýanyndaky ýagdaýlary ýatladýandygyny aýtdy.

Afrikanyň iň köp ilatly döwleti bolan Nigeriýanyň demirgazygynada köplükde musulmanlar, günortasynda bolsa hristiýanlar köpçülikde ýaşaýarlar.

Nigeriýadaky bidüzgüçilikler geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda günorta hristiýan sebitinden bolan Gudlak Jonatanyň musulman Muhammadu Buhariden üstün çykmagyndan soň döredi.

Gyzyl Haçyň berýän maglumatyna görä, bu wakalar sebäpli, 40 000 töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur bolupdyr.

Nigeriýada 1960-njy ýyllardaky graždanlyk urşunda milliondan gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG