Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Homs şäherine täze häkim bellendi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň Homs şäherine täze häkim hökmünde Hassan Mustafa Abdelaly belledi. Soňky wagt Homs şäherinde protestçiler bilen howpsuzlyk işgärleriniň arasynda ganly çaknyşyklar bolupdy.

Şäheriň ozalky häkimi Iyyad Gazal portestçileriň talaplary sebäpli, şu aýyň başynda häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Siriýada bir aý töweregi wagt bäri syýasy reformalary we has köp azatlygy talap edip, giň gerimli protestler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG