Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon reaktorynyň 20 km. töweregi ýapyldy


Şu gün Ýaponiýanyň resmileri zeper ýeten “Fukuşima-Daiçi” atom stansiýasynyň töwereginde 20 kilometrlik ýapyk zolagy ýola goýdular.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýukio Edanonyň aýtmagyna görä, raýatlar öz saglygy üçin, bu ýapyk zolaga girmezlik kararyna boýun bolmalydyrlar. Edanonyň nygtamagyna görä, Fukuşimadaky ýagdaý henizem kadaly däl.

“Biz degişli hökümet ministrlikleri bilen meseläniň jikme-jik işlerini ugrukdyrmagy tamamladyk. Şol sebäpli, biz tebigy hadysalara taýýarlyk kanuny esasynda, ýapyk zolagy döretmegi karar etdik” diýip, Edano aýtdy.

Bu kanuny bozanlara garşy 1,200 dollara çenli jerime salnyp bilner, hatda 30 güne çenli tussaglyk hem berlip bilner.

“Fukuşima-Daiçi” atom stansiýansyna Ýaponiýada 11-nji martda dörän ýykgynçylykly ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýetipdi.
XS
SM
MD
LG