Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Diýarbakyrda müňlerçe kürtler ýygnandylar


Şu gün Türkiýäniň Diýarbakyr şäherinde müňlerçe kürtler ýakynda geçirilen protestlerde polisiýa bilen çaknyşykda ölen adamyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin ýygnandylar.

Ýurduň saýlaw komissiýasynyň kürt partiýasy tarapyndan goldanylýan garaşsyz kandidatlaryň 12-nji iýunda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmagyna girizen gadagançylygyndan soň, ýurduň günorta-gündogarynda protestler ýüze çykyp başlady.

Saýlaw resmileriniň aýtmagyna görä, şol kandidatlar gadagan edilen Kürtleriň Işçi Partiýasynyň, ýagny PKK-niň separatistleri bilen geçmişdäki ilteşikleri üçin saýlawlardan çetleşdirilipdir.

Bu kandidatlaryň arasynda Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça baýragynyň eýesi, aktiwist Leýla Zana hem bar.

Türkiýäniň prezidenti halky Abullah Gül asudalyga çagyrdy.

Şeýle-de şu gün Ankarada Ýokary saýlaw komissiýasy çetleşdirilen kandidatlaryň arzalaryna seretmäge başlaýar.
XS
SM
MD
LG