Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Haç resmisi türkmen DIM-inde duşuşyk geçirdi


Düýn Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň regional bölüminiň başlygynyň orunbasary Fransua Blansi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen resmileri bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde taraplar Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Fransua Blansi, aýratynam, saglygy saklaýyş pudagynda kadrlary taýýarlamakda we özara proýektleri durmuşa geçirmekde öz guramasynyň Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistana saparynyň barşynda Fransua Blansi prezidentiň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutda we Türkmenistanyň milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinde-de duşuşyklar geçirdi.
XS
SM
MD
LG