Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalteke atlaryna bagyşlanylan konferensiýasy açyldy


Düýn Aşgabatda ahalteke atçylygy boýunça Halkara assosiasiýasynyň 1-nji maslahaty hem-de ahalteke atlaryna bagyşlanylan 3-nji Halkara ylmy konferensiýasy açyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrligi, «Türkmen atlary» Döwlet birleşigi hem-de Aşgabadyň şäher häkimligi tarapyndan gurnalan bu halkara forumlaryna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan hem wekilleriň barandygy habar berilýär.

Resmi maglumatda daşary ýurtly delegatlaryň hatarynda alym-ippologlaryň, atçylaryň, biologlaryň, taryhçylaryň, filologlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň we habar serişdeleriniň žurnalistleriniň hem bardygy aýdylýar.

Maglumata görä, Aşgabatda açylan bu forumlarda spesialistler atçylygy ösdürmegiň dürli meseleleri barada pikir alşarlar.
XS
SM
MD
LG