Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň ombudsmeniniň işi derňelýär


Düýn Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýörite komissiýasy ýurduň ynsan hukuklary meselesi boýunça ombudsmeni Tursunbek Akunyň işini derňemek boýunça iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Parlament komissiýasynyň başlygy Abdyjapar Begmatow düýn parlamentde eden çykyşynda Tursunbek Akunyň 2008-nji ýylda bu wezipä geçeli bäri onuň öz edarasyndan 60 töweregi adamy bikanun işden çykarandygyny görkezýän faktlaryň bardygyny aýtdy.

Mundan daşary, Abdyjapar Begmatow ombudsmeniň edarasyna geçirilen maliýe serişdeleriniň hem belli bir böleginiň hyýanatçylykly ulanylandygyny mälim etdi.

Bu aýyplamalaryň yzy bilen eden çykyşynda adam hukuklary boýunça Gyrgyzystanyň ombudsmeni Tursunbek Akun özüne bildirilýän bu aýyplamalaryň ýerliksizdigini we özüniň günäsizdigini sudda subut etmäge-de taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG