Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň goşunlaryna pes belentlikden hüjüm edilýär


Düýn Birleşen Ştatlaryň resmileri Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň gury ýer goşunlaryna netijeli zarba urmak üçin amerikan howa güýçleriniň has pes belentliklerden täze hüjümlere başlandyklaryny mälim etdiler.

Hususan-da, düýn bu barada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts bu gürrüňi edilýän maksatlar üçin üsti adamsyz harby uçarlaryň ulanylmagyna prezident Barak Obamynyň öz resmi razylygyny berendigini aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda bolsa Muammar Kaddafiniň režimi NATO güýçleriniň hüjümlerine garşy söweşmek üçin bu režime tarapdar parahat ilaty ýaraglandyrmak çäreleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG