Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň öňki energiýa ministri soraga çekilýär


Düýn Müsüriň Baş prokuraturasy ýurduň ozalky energiýa ministri Sameh Fahmini we energiýa sektorynyň ýene bäş sany işgärini soraga çekmeklige görkezme berdi.

Müsüriň prokuraturasynyň bu baradaky resmi beýanatynda bu gürrüňi edilýän resmilere Ysraýyla dünýä bazarynyň bahasyndan has arzan bahadan tebigy gaz satanlykda aýyplama bildirilýändigi aýdylýar.

Maglumata görä, bu bikanun gaz söwdasynyň netijesinde Müsür 714 million dollar zyýan çekipdir.

Ozalky ýyllarda Müsüriň oppozisiýa toparlary hökümet resmilerini döwletiň gazyny juda arzan bahalardan eksport etmekde aýyplap gelipdiler. Ysraýyl öz ulanýan tebigy gazynyň 40 prosentini hut Müsürden satyn alýar.
XS
SM
MD
LG