Sepleriň elýeterliligi

Türk saýlaw komissiýasy öňki kararyna täzeden garady


Düýn Türkiýäniň Merkezi Saýlaw Komissiýasy kürt milletinden bolan käbir garaşsyz kandidatlary şu ýyl geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşdyrmazlyk barada ozalky çykaran kararyna täzeden garandygyny mälim etdi.

Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, iýun aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmasyz edilen 12 sany kürt kandidatyndan 8-sine saýlawlara gatnaşmaga rugsat berlipdir.

Ýakynda Türkiýäniň Merkezi Saýlaw Komissiýasy bu 12 adama kanun tarapyndan gadagan edilen Kürdüstan Işçiler partiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýänlikde güman bildirip, olary parlament saýlawlaryna gatnaşdyrmazlyk barada karar çykarypdy.

Saýlaw Komissiýasynyň bu karary Türkiýäniň kürt ilatynyň arasynda uly nägilelik döredipdi.
XS
SM
MD
LG