Sepleriň elýeterliligi

Karaçidäki partlamada azyndan 15 adam öldi


Düýn Pakistanyň hökümet resmileri ýurduň Karaçi şäherinde amala aşyrylan bomba partlamasynda azyndan 15 adamyň ölüp, onlarça adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu partlama şäheriň humarly oýunlar oýnalýan bir klubynda amala aşyrylypdyr.

Ýerli polisiýa bu hüjümiň kim tarapyndan we nähili matlap bilen amala aşyrylandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG