Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Döwletli maslahat


Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan türkmen şahyry.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan türkmen şahyry.

– Pahan, bu gün-erte on sekizem-ä dolýandyr.

– Näçenji ýylda doguldyň-aý sen?

– Sen ony menden gowy biläýmeli ýaly. Hasabyňy özüň çykaryber, bolmasa-da mamaşdan sorap gör.

– Maňa «pahan» diýip ýüzleneniňe çydaryn, ýöne, ejeňe ýene bir gezek «mamaş» diýseň, eneňden dogmadyk ýaly ederin. Onsoňam, näme, öz doglan günüňi taryhy bir senedir öýdýäňmi? Ol-a on sekiz eken, otuz sekiz ýaşanam otyr, ynha, öňüňde. Näme üçin ýatladýaň o güni?

– Nätdiň-eý, pahan, on sekiziň dolanda, öýerjek diýen özüň dälmi?

– Mundan çykdyň-ow sen! Hawa, göz astyna alanyň barmy?

– Edil şu şäherde-hä özüme mynasyp gyz göremok.

– Päh-päh, Gyratyň üstünde oturan ýagşyzada bakyň-a! Özüne mynasyp maşgala görenokmyş! Aýnaň öňüne geç-de, gözüňi ginräk aç – sypatyňy görüp ýylgyran gyzy ýüzüňe sylaýmazmykaň.

– Ýasan özüň, indem maňa gyjalat berýäňmi? Ondan-a döwletlije bir maslahat ber.

– Bidöwlete döwletli maslahat ýokmaýar, ogul. Şeýle-de bolsa, gulak as. Başga bir şähere gidýäňmi ýa düýbünden başga bir ýurda gidýäňmi – eliňe ilen bir biçäräni gapyllykda bas-da, göter ökjäni. Ine, saňa döwletlije maslahat.

– Eýdip alyp gaçar ýaly gyz-a towuk däl, pahan, menem şagal däl. «Beýdilýän döwürden oba göçdi» diýip oturan özüň dälmidiň?

– Meni kakam öýerenok, han ogul. Maşgala gurjak özüň, ýaşajak özüň, ýetim bolmasaňam, bu meselede öz göbegiňi özüň kesmeli borsuň.

– Söz berdiň-ä, pahan!

– Kim bilipdir senin kämillik ýaşyna beýle tiz ýetäýjegiňi! Diýsem, diýip goýberendirin-dä, dil bir öl ýere biten zat... Ýuregiňi eliňe alyberme, nesibeli güni bardyr, geler bir gün.

– Haçan geler, pahan? Bu gün-erte on sekiz dolýar-a!

– Hany, entejik dolubersin, galanynam woýenkomat çözer-dä...

Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG