Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen atlary


Ýazgulyýew: "Türkmen atlarynyň halkymyzyň goşa ganaty bolandygy hakynda taryhy maglumatlara esaslanyp, onlarça anyk faktlary getirmek mümkin".
Ýazgulyýew: "Türkmen atlarynyň halkymyzyň goşa ganaty bolandygy hakynda taryhy maglumatlara esaslanyp, onlarça anyk faktlary getirmek mümkin".
Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, indi birnäçe gün bäri ýurduň habar beriş serişdeleri türkmen atlary, esasanam, ahalteke bedewlerimiz hakyndaky materiallary çap edýär, reportažlary berýär. Döwlet baştutanynyň taýsyz tagallasy bilen ahalteke atlarynyň abraýynyň arşa galandygy hakynda subutnamasyz, ýöne umumy gürrüňler esasynda dabara beslenen gepleşikler berilýär.

Elbetde, türkmen atlarynyň halkymyzyň goşa ganaty bolandygy hakynda taryhy maglumatlara esaslanyp, onlarça anyk faktlary getirmek mümkin. Häzirki ahalteke atlarymyzyň ata-babasy bolan gadymy Nusaý atlaryna dünýä hyrydar bolupdyr. Hatda Aleksandr Makedonskiniň Busefal diýen atynyň türkmeniň gadymy Nusaý bedewiniň tohumyndanlygy hakynda taryhy maglumatlar bar. Halkymyzyň şöhratly taryhynda türkmen atlarynyň mynasyp paýynyň bardygy taryhçylar tarapyndan ykrar edilen hakykat.

Ýöne türkmen metbugatynyň dabara bilen ýazyşy ýaly, Garaşsyzlyk zamanamyzda türkmen atlarynyň abraýy arşa göterildimi?! Bu sowala “hawa” diýip jogap bermek kyn. Dogry, 1990-njy ýyllaryň başynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen “Türkmenatlary” döwlet birleşigi döredilip, şol birleşikde ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny dikeltmekde belli bir işler edildi. Häzirki döwlet baştutanymyzyň karary bilen ýurduň her bir welaýatynda aýratyn aýlaw gurup ulanylmaga berilmeli edildi. Indi iki ýyl bäri ahalteke bedewlerimiziň owadanlyk-gözellik konkursy geçirilýär. Bu basleşigiň geljekde türkmen atlarynyň tohumynyň abat saklanmagynda uly işlere badalga berjekdigine umut edýärin.

Ýöne ýurdumyz boýunça tutuşlygyna alanyňda, türkmen atlarynyň gönezligi bolup duran öňki kolhoz-sowhozlarymyzdaky gylýalçylyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň içinde doly weýran edildi. Hatda 2009-njy ýylda “Türkmenatlary” döwlet birleşigindäki ahalteke atlarymyz diýilýänler DNK barlagyndan geçirilende, şol bedewleriň birnäçesiniň garyşyk tohumly atlar bolandygynyň üsti açylyp, degişli emeldarlarlaryň käbiri wezipesinden boşadylyp, käbirine berk care görlüpdi. Emma türkmen metbugaty bu zatlar hakynda dymýar.

Ýöne bir zat belli: türkmen atlarymyzyň şöhratyny doly derejede dikeldip, olary köpeltjek bolsak, ondaky bar bolan problemalary gizlejek bolmaly däl-de, şol problemalary çözmegiň ýollaryny gözlemeli.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG