Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýadaky soňky protestlerde 12 adam öldürildi


Siriýada bolan soňky zorluklar netijesinde azyndan 12 adam öldürildi.

Howpsuzlyk güýçleri Damaskyň daş gyrasynda şenbe güni wepat bolan demokratiýaçy protestçileri jaýlamaga ýygnanan adamlary oka tutdy.

Bu prezident Başar al-Asadyň dolandyryşynyň soňlanmagyna çagyrylyp bir aý gowrak wagt bäri guralýan protestleriň iň ganly güni boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama anna güni bolan zorlugy ýazgardy we Asady Eýrandan haraý gözlemekde günäledi.

Siriýanyň hökümet çeşmesi Obamanyň beýanatynyň «obýektiw garaýşa esaslanmaýandygyny» aýtdy.
XS
SM
MD
LG