Sepleriň elýeterliligi

Palestin polisiýasy ysraýylly dindary atdy


Palestinanyň kontrollugyndaky Günbatar kenarda ýerleşýän hristian guburyna barýan ysraýylly dindarlaryň palestin polisiýasy tarapyndan oka tutulmagy netijinde bir ysraýylly öldi, dördüsi ýaralandy.

Ysraýyl harbylary oka tutulanlaryň aşa prawoslaw ýewreý toparyna degişlidigini we olaryň bu ýere Iosifiň guburyna zyýarat etmek üçin birugsat girendigini aýtdy.

Nablusyň gubernatory palestin howpsuzlyk güýçleriniň ilki duýduryş okuny atandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG