Sepleriň elýeterliligi

Pop Benedikt bosgunlar bilen raýdaşlyga çagyrýar


Dünýä ýüzüniň hristianlary Pasha baýramyny belleýärler. Ybadathana alymlary bu gün haja çüýlenip öldürilen Isa Mesihiň dirilendigini aýdýarlar.

On müňlerçe adam Rimde keramatly Piter meýdanyna, pop Benedikt 16-njynyň Pasha baýramyny belleýän ýerine ýygnandy.

Pop Benedikt öz Pasha ýüzlenmesinde konflktli ýerleriň bosgunlary, ylaýta-da afrikaly bosgunlar bilen raýdaşlyga çagyrdy.

«Parahatçylyk nury we ynsan mertebesi agzalalyk tümlüginden, ýigrençden we zorlukdan rüstem çyksyn. Liwiýadaky häzirki konfliktde ýaraglaryň ornuny diplomatiýa we gepleşik alsyn, bu konflikt netijesinde ejir çekýänlere ynsanperwerlik kömegi elýeterli edilsin" diýip, pop öz ýüzlenmesinde aýtdy.
XS
SM
MD
LG