Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystanda üç NATO esgeri öldürildi


NATO şenbe güni günorta Owganystanda iki esgeriniň ýol ýakasynda goýlan bombadan wepat bolandygyny aýtdy.

NATO-nyň üçünji esgeri Kapisa welaýatynda bolan wertolýot hadysasynda heläk boldy.

NATO halas ediş operasiýasynyň hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy.

“Taliban” wertolýoty urup ýykandygyny we halas ediş operasiýasyna hüjüm edendiginii aýtdy.

Owganystanda şu ýyl daşary ýurtly esgerleriň jemi 135-si wepat boldy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýaragly adamlaryň şenbe güni Marja etrabynyň ozalky graždan baştutany Abdul Zahiri atyp öldürendiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG