Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan Osmanly gyrgynçylygyny ýatlady


Ermenistanlylar ýekşenbe güni Osmanly imperiýasy döwründe ermenileriň köpçülikleýin öldürilmeginiň 96 ýyllygyny bellediler.

Ermenistan 1915-nji we 1917- nji ýyllar aralygynda 1,5 milliona çenli ermeniniň sistematiki ýagdaýda öldürilendigini aýdýar we muny gyrgynçylyk diýip atlandyrýar.

Türkiýe bu hadysanyň gyrgynçylyk diýlip atlandyrylmagyny ret edýär we 300 müňden 500 müňe çenli ermeniniň öldürilendigini, ýöne Osmanly imperiýasynyň dargaýan wagtyndaky graždan çaknyşyklarynda şonça türküň hem öldürilendigini aýdýar.

Bu gapma-garşylyk iki ýurduň arasynda onlarça ýyla çeken duşmançylyga sebäp boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýazmaça eden beýanatynda bu hadysanyň 20-nji asyryň iň ýaman zalymlygydygyny aýtdy, ýöne ol indi üçünji ýyldyr bu hadysany gyrgyn diýip atlandyrmakdan saklanýar.
XS
SM
MD
LG