Sepleriň elýeterliligi

Misurata hüjümiň dowam edýändigi aýdylýar


Gozgalaňçylar we şaýatlar hökümet güýçleriniň Misuratany ýekşenbe güni hem top okuna tutmagy dowam etdirendiklerini aýdýarlar.

Biraz öň Muammar Kaddafä ygrarly güýçleriň Misuratadan yza çekilendigi aýdylypdy.

Kenarýaka şäher indi iki aý bäri hüjüm astynda. Misurata günbatarda köplenç gozgalaňçylaryň kontrolunda bolan ýeke-täk uly şäherdir.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Misuratada iki aýa çeken söweş netijesinde azyndan müň adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG